Mälim bolşy ýaly, 21-24-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Ýaponiýada boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň, Günüň dogýan ýurdy bilen gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam berýän birnäçe möhüm duşuşyklar geçirildi.
Tokio şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi uly ähmiýetli duşuşyklaryň hataryndan orun aldy. Onuň barşynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen himiýa-gaz senagaty, ulag, suw hojalygy ýaly ugurlar boýunça ýapon kompaniýalarynyň arasynda resminalaryň toplumyna gol çekildi. Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.
Tokioda geçirilen duşuşyklar Ýaponiýanyň iri işewürler düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, özara bähbitli maýa goýum we tutuş işewürlik hyzmatdaşlygy üçin özüne çekijiliginiň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Göwher TAHYROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.