Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Olarda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlaryň gözýetimlerini giňeltmeklerine, ylym älemine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrmaklyga giň ýol açdy. Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa Watanymyzyň ylymda we bilimde gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne görkezmäge şert döretdi.
Döwrebap we saldamly işleriň rowaçlanmagynda innowasion tehnologiýalaryň peýdasy juda köp. Ähli döwlet edaralarynda, kitaphanalara, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ýaly dürli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň düýpli ornaşdyrylmagy işleri çaltlandyrýar. Şularyň netijesinde biziň ýurdumyz häzirki döwürde dünýäniň ösen döwletleriniň «elektron dolandyryş» ýa-da «elektron hökümet» diýen ýaly dolandyryşyň iňňän netijeli ugurlaryna daýanýar.
Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler biz — ýaşlarda aýratyn hyjuw we joşgun döredýär. Watanymyza bolan çuňňur söýgi ýüreklerimize mäkäm baglanyp, ene topraga bolan sarpamyzy beýgeldýär.
Biz mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, ýaşlara döwrebap bilim, terbiýe bermekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekeris.
Selbi TÄŞLIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.