Döwletimiz geljegimizi hem-de ertirimizi ýaşlara ynanýar. Ýaşlar biziň geljegimizdir,umydymyzdyr, ynamymyzdyr,ýaşaýşa bolan höwesimizdir. Ýaşlary watana wepaly, kämil, ylymly-bilimli adam edip ýetişdirmek işi bolsa mugallymlaryň esasy wezipesidir.
Häzirki wagtda hakyky gymmatlyklar baýlyklarda däl-de, adamlardadyr. Olaryň bilim derejesi, hünär derjesi jemgyýetiň ösen derjesini görkezýär.Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň derejesini, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, maksada laýyk guramak bilen baglydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy. Jemgyýetiň ruhy medenýetiniň esasyny düzýän ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmek üçin bu ulgamyň maddy enjamlaýyn binýady ýokarlandyrylýar. Ýagny, kompýuterler bilen üpjünçilik amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bilim edaralarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň we ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimi yzygiderli berkitmäge ýardam edýär.
Bilimli, ylymly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp kemala getirmek bolsa biziň ýagny, bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipedir. Bu belent hem-de jogapkärli wezipelere hötde gelmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!
Ogulbagt AŞYRGELDIÝEWA,
Darganata etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Kompýuter dünýäsi” gurnagynyň ýolbaşçysy.