Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem ýokary ähmiýet berilýär.
Bu milli bilim terbiýeçilik edaralarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Häzirki wagtda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Sapaklar sanly serişdeler arkaly guralyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňişleýin peýdalanylýar. Munuň özi ýaş nesliň kämil hünärmenler kemala gelmegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz hem ata Watanymyzda hünärine ussat şahsyýetleri kemala getirmäge, sowatly, ylym-düşünjeli ýaşlary goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň netijesinde her okuw ýylda ilkinji gezek ak mekdebe kabul edilen birinji synp okuwçylara kompýuterler sowgat berilýär. Täze bilim edaralary, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hünär bilimini berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriň sany artýar. Olarda täze hünärler peýda bolýar. Talyplyga kabul edilýän ýaşlaryň sany yzygiderli artdyrylýar. Munuň ata Watanymyzda milli bilimi ösdürmäge, ýurdumyzyň bu ugurdaky kuwwatyny artdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini we ägirt uly serişdeleriň gönükdirilýändigini görkezýär.
Türkmen ýaşlary ylym öwrenmäge, hünärleriň inçe tilsimlerini ele almaga, täze tehnologiýalara işjeňlik bilen erk etmäge höwesli. Olaryň ençemesi ýaş alymlar we oýlap tapyjylar hökmünde hem meşhurlyk gazanýarlar. Täze taslamalaryň üstünde işläp bilýän, ylmy işlerini alyp barýan türkmen ýaşlary geljekde ökde hünärmenler hökmünde eziz Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp şahsy goşantlaryny goşarlar.
Polat MUKAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.