Žurnalistiň sahypasy

Hoşniýetlilige beslenen menziller

22-12-2022 / 10

Ýur­du­myz döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­de iş­jeň hem-de oňyn baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş edip, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge anyk go­şan­dy­ny goş­ýar. Munuň şeýledigine diňe dekabr aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugrundaky wakalara seredeniňde-de göz ýetirmek bolýar.

2022-nji ýy­lyň de­kabr aýy­nyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ka­tar Emi­ri­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Ka­tar Döw­le­ti­ne bar­dy. Do­ha şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dost­luk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak hä­si­ýe­te eýe bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň şu sa­pa­ry­nyň türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ry­ny äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi nyg­tal­dy. Şeý­le hem Ka­tar­da bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu ýurt­da geç­ýän Fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň oýun­la­ry­nyň bi­rin­de hor­mat­ly myh­man bol­dy.

2022-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­de (Do­ha şä­he­ri) il­çi­ha­na­sy­ny aç­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di. Mu­nuň özi ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ýur­du­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len bi­le­lik­de Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ni bel­le­ýär. 2022-nji ýyl­da bu şan­ly se­nä ba­gyş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len fo­rum hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň döw­let eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny hem-de we­kil­le­ri­ni, gör­nük­li jem­gy­ýet­çi­lik, sy­ýa­sy iş­gär­le­ri, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­mat­la­ry­ny, hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri jem­le­di. Şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­bat­da ge­çen çä­re­le­re Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň ýyl­lyk mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar hem mas­la­ha­tyň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­du­lar.

Ýur­du­myz ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki dür­li du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň he­mi­şe ba­şy­ny baş­la­ýar hem-de ola­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýär. Şol du­şu­şyk­lar uzak möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne oňyn çe­me­leş­me­le­ri ke­ma­la ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. My­sal üçin, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da­ 14-nji de­kabr­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji üç­ta­rap­la­ýyn sam­mit 2022-nji ýy­lyň äh­mi­ýet­li wa­ka­sy bol­dy.

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan oňyn da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na berk yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şol ugur bol­sa äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, gül­läp ösü­şiň we ro­waç­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň öňe sü­ren “Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly kö­pu­gur­ly baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam et­me­li­dir.

Begnazar BEGNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu