Žurnalistiň sahypasy

Okamak bagty

21-12-2022 / 16

Ata Watanyň geljekki ykbaly ösüp gelýän ýaş nesil bilen baglanyşyklydyr. Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, medeniýetli, sagdyn hem ruhubelent bolmaklygy üçin ähli mümkinçilikleri döredildi we döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, obalarynda häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet merkezleriniň, sport toplumlarynyň, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, kitaphanalaryň gurlup, ýaşlaryň ygtyýaryna bermegi – bu geljekde giň dünýägaraýyşly, syýasy düşünjeli, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekdäki beýik başlangyçlardyr.

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden ruhlanyp, okaýarys, öwrenýäris. Bu biz — ýaşlar üçin uly bagtdyr, mertebedir. Biz Watanymyz, halkymyz, hormatly Prezidentimiz üçin jan aýaman zähmet çekip, öz saýlap alan ugrumyzda ökde hünärmenler bolup ýetişmäge jan etmelidiris. Çünki bu biziň mukaddes perzentlik borçlarymyzdyr.

Täze — 2023-nji ýylda biz — bagtyýar ýaşlar öz öňümizdäki asylly maksatlara ýetmekde yhlasly okap, bilim alyp,  ylymly-bilimli, medeniýetli, sagdyn hem  giň dünýägaraýyşly,  kämil ýaşlar bolup ýetişmelidiris. Goý, biziň okamagymyz, bilim almagymyz üçin uly mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, ýurdy abadan bolsun! Öz halkyny döredijilik hem gülläp ösüş ýoly bilen alyp barýan beýik başlangyçlary rowaç alsyn! Täze ýyl hemmämize täze-täze üstünlikleri, ýeňişleri alyp gelsin!

Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu