Žurnalistiň sahypasy

Sport – jemgyýeti jebisleşdirýän güýç

17-12-2022 / 15

Parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar döwrüň talabyna görä barha ösdürilýär. Çünki, sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdür.

Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar.

Halkymyzyň, şol sanda, ýaşlarymyzyň öz bedenlerini berkitmegi, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler öz ajaýyp netijelerini hem berýär. Halkara, sebitara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanýan ýeňişleriniň barha artýandygy ýurdumyzda sporta döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Buýsandyryjy üstünlikleri bilen watandaşlarymyzyň guwanjyna eýe bolýan türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda gazanan medallarynyň sanyny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 360-dan hem geçirdiler.

Ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň giňden wagyz edilmegi Türkmenistanyň bu ulgamdaky abraýynyň dünýä ýüzünde barha belende galmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eziz Diýarymyzyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny, ýurdumyzda sporta we bedenterbiýe hereketlerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap geçdi. Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bu ugurda döredilen şertlerden hem-de innowasion mümkinçiliklerden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we ХVII tomusky Paraolimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şoňa laýyklylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek hem-de fiziki işjeňligi ösdürmek meselelerini ulgamlaýyn ylmy esasda öwrenmeldigine Döwlet Maslahatyna gatnaşýanlaryň ünsüni çekip: «Şu mesele boýunça 2022 – 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny hem zerur hasap edýärin. Bu işleriň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde halkara derejedäki ýaryşlarda döwletimiziň sport abraýyny mynasyp gorap, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjek türgenlerimiziň täze nesliniň kemala geljekdigine pugta ynanýaryn» diýip belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň öňümizde goýan şeýle wajyp we döwlet ähmiýetli wezipelerini ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Paraolimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň Maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Türkmen türgenleriniň bütindünýä olimpiýa hereketine gatnaşýanlarynyň sanynyň ýyl-ýyldan köpelmegi gadymy türkmen topragynda ukyply, gaýratly, maksadokgunly ýaşlaryň terbiýelenilip ýetişdirilýändigine, ýurdumyzyň alyp barýan dost-doganlyk, asudalyk syýasatynyň dünýä ýüzünde has-da dabaralanýandygyna doly şaýatlyk edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda sport babatynda durmuşa geçirilen asyrlara barabar işler ýurdumyzyň türgenleriniň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda, şeýle hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynda mermer paýtagtymyzda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmeklerine özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Begnazar REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu