Şahyr kalply ynsanlar ýazy Zeminiň ýylgyryşyna deňeýärler. Umuman, bu dogrudyr, ýaz pasly gelende daş-töwerek gül-gunça, ýaşyl begrese bürenýär. Guşlar şadyýan jürküldeşip, adamlaryň ýüzi ýagtylanýar, süňňi ýeňleýär. Tebigat täzeden janlanýar. Ylla, Zemin ýigdelýän ýaly, ýylgyrýan ýaly bolýar. Ýöne ýazdan başga-da pasyllar bar ahyryn, olaryňam hersi öz aýratynlyklary bilen gelýär. Ynsan bolsa hemişe ýaşaýşynyň ýaz, durmuşynyň saz bolmagyny isleýär. Türkmen Bitaraplygy, ine, şu islegi kanagatlandyrmaga ukyply ajaýyp bir taglymdyr. Ýene birnäçe günden bu taglymyň — Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllyk şanly senesi bellenilýär.
Halkymyz bu senäni diňe bir milli derejede däl-de, eýsem, halkara derejede bellemek üçin bütin bir ýyllap taýýarlyk gördi. Şeýle edilmeginiň sebäbi hemmämize düşnüklidir we juda ähmiýetlidir. Türkmeniň kalbynda döräp, aňynda bişen bu taglymat BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen gününden — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwürde özüniň ähli gözelligini dünýä ýaýyp, döredijilik kuwwatyny görkezip gelýär.
Ähli gözelligi diýenimizde, hiç hili parh goýman, hemme döwletlere we halklara deňhukukly hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy ündeýändigini göz öňünde tutýarys.
Döredijilik kuwwaty diýenimizde-de biz, esasan, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döredijilik ukybyny göz öňünde tutýarys. Parahatçylyk — bu asudalykdyr, ýaşaýyş-durmuşyň köp owazly sazlaşygydyr. Bitaraplyk — parahatçylyk sazydyr. Bu saz çalnanda dogup gelýän Güni ruhubelentlik bilen ýüzüňe sylýarsyň, onuň tyllaýy şöhleleri bu günümiziňem, düýnki günümiz ýaly, bagtdan, şatlykly pursatlardan doly boljakdygyny buşlaýar. Bu saz çalnanda gündizlerimiz ýagty, gijelerimiz şuglaly bolýar, toý-baýramlar köpelip, bagtyýar çagalarymyzyň gülküsi has köp eşidilýär. Türkmen Bitaraplygy adamlara, ine, şuny bagyşlaýar.
Altyn GUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.