
Goňşy we alysdaky döwletler bilen özara bähbitli, ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasada ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde bu babatda gazanylan üstünlikler haýran galdyryjydyr. Ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen oňyn ýagdaýy berkarar etmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän möhüm ähmiýete eýedir.
Ata Watanymyz dünýä üçin açykdyr, taraplaryň bähbitlerini nazarda tutýan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hemişe taýýardyr. Şeýle çemeleşme döwletimiz tarapyndan üstünlikli ýöredilýän «Açyk gapylar» syýasatynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine daşary ýurtly maýadarlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşandynyň barha artýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň sebitlerinde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan kämil önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda öndürilýän dürli harytlar ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň has giňelmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistan, ýokarda belleýşimiz ýaly, dünýä üçin mydama açykdyr. Halkymyz myhmanlary duz-çörek bilen doganlarça garşylaýar. Ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlar Watanymyzda höküm sürýän abadançylyga, asudalyga guwanýandyklaryny buýsanç bilen aýdýarlar. Olary güler ýüz bilen garşylap, degişli resminama işlerini gysga wagtda ýerine ýetirmäge çynlakaý üns berýäris. Sebäbi gümrük nokatlary ýurdumyzyň özboluşly ýüzi we gapysy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň serhetlerinde bu gullugyň täze, döwrebap binalary gurlup, olar kämil enjamlar bilen üpjün edildi. Bu bolsa edilýän hyzmatlaryň hiliniň görnetin ýokarlanmagyna uly ýardam berýär.
Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň, döwlet özbaşdaklygynyň, halkymyzyň erkin hem-de eşretli ýaşaýşynyň goşa ganatydyr.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.