
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen innowasion ösüş strategiýasyna laýyklykda, senagat pudaklaryny has-da ösdürmek göz öňünde tutulýar. Häzir ýurdumyzda, aýratyn-da, Balkan welaýatynda ýerleşýän himiýa ugurly iri senagat toplumlary uly işleri alyp barýar.
Diýarymyzyň sebitleriniň ösüşine badalga berjek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bişofit, epsomit, magniý oksidi we magniý metaly ýaly himiki birleşmeler natriý sulfat önümçiliginiň taşlandy şerebelerini gaýtadan işlemegiň esasynda öndüriler.
Mineral dökünleri öndürmek boýunça ozal bar bolan önümçilik binýady tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, azot, karbamid, kaliý, fosfor we beýleki zerur önümleriň öndürilişi barha ýokarlandy. Munuň özi diňe bir içerki bazardaky islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milli önümleri köp möçberde eksporta ugratmaga-da mümkinçilik döretdi. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde açylyp ulanmaga berlen täze zawodyň şeýle ýokary netijeleri gazanmakda paýy uludyr. Täze önümçilik toplumy ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işläp, bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, her gije-gündizde 2 müň, ýylda 660 müň tonna sintetik ammiagy öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümleri ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň jemi möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berdi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda ulanyşa girizilen, ýyllyk kuwwaty 21 müň tonna deň bolan biaksial ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze önümhana bu ugurda içerki islegi kanagatlandyrmaga we polimeriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berdi.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu işler hemme ugry öz içine alyp, innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynda, hususy ulgamyň ösdürilmeginde aýdyň ýüze çykýar.
Türkmen topragynyň baý ýerasty baýlyklary ýurdumyzyň genji-hazynasydyr, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň binýadydyr. Sahawatly türkmen topragyndaky baý we gymmatly çig mal serişdelerimiz himiýa senagatyny batly depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Orazsoltan SUWHANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.