“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 27 ýyllygynyň bosagasynda dur. Bu taryhy sene halkymyz üçin diňe bir şanly sene bolman, eýsem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sebitde, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezmäge mümkinçilik berýär. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 27 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza bolan dünýäniň 185 döwleti tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawa-jenjellere gatnaşmaýan, çylşyrymly meseleleri diplomatiki ýol bilen çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy duşuşyklar, halkara forumlar, festiwallar we dürli sergiler Türkmenistanyň at-abraýyny has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy, Bitarap döwleti ykrar edilenden soň, döwlet tarapyndan milli medeni gymmatlyklary täzeden öwrenmek we dikeltmek işleri ileri sürüldi. Türkmen kompozitorlary tarapyndan Watanymyza bolan çuňňur söýgüni wasp etmäge gönükdirilen operalaryň, oratoriýalaryň, kantatalaryň, odalaryň, horlaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýuna ussat kompozitorlarymyz we ýaş zehinli kompozitorlarymyz tarapyndan täze eserler döredilip, şanly senä ýokary taýýarlykly barylýar.
Azat HANMÄMMEDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kitaphana bölüminiň müdiri.