Döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan milli Garaşsyzlygymyz halkymyza erkana ýaşap, joşgunly işlemäge, ylhamly döretmäge, mazmunly dynç almaga ähli şertleri we mümkinçilikleri berdi. Garaşsyzlygymyzyň türkmene beren datly miweleriniň naýbaşysy-da hemişelik Bitaraplyk derejesidir. Häzirki bagtyýar hem eşretli durmuşymyzyň, döwlet berkararlygymyzyň sakasynda mukaddes Garaşsyzlygymyz duran bolsa, şol gymmatlyklarymyzyň ömrüni müdimilige öwürjek gudrat hemişelik Bitaraplygymyzdyr.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň ses bermekligi bilen Türkmenistan döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasy dünýäniň syýasy jemgyýetçiliginde, halkara syýasatynda täze bir sahypany açmak bilen, türkmeniň abraýyny, mertebesini, halkara derejesinde belende galdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen döwleti öz içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek we ynsanperwerlik kadalaryny yglan edýär we durmuşa geçirýär. Şol düşünjeleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda hem netijeli ulanýar. Şeýlelikde häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisi tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň gaýtadan kabul edilmegi bilen ikinji mertebe öz hemişelik Bitaraplygyny dabaralandyran halkymyz geçen 27 ýylyň dowamynda hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, toplanan tejribe bilen ösüşe we özgerişe eýe bolup, dünýä bileleşigine işjeň goşulyşdy.
Ýazmyrat ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.