Žurnalistiň sahypasy

Kämil jemgyýetiň sarsmaz binýady

30-11-2022 / 11

Özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýa, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi milli kanunçylyk binýadynyň pugtalanmagyna getirýär.

Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň, hukuk ulgamynyň we hukuk tertibiniň esasydyr. Şonuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň raýatlarynyň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegine, halal zähmetiniň hözirini görmegine, döredijiliginiň joşmagyna, bagtyýar ýaşaýşa buýsanjynyň artmagyna bolan mümkinçilikler ulgamy Esasy Kanunymyzyň mazmunynda öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda geçirilen wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda hem: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýip belläp geçdi.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze üstünliklere ýetmegine gönükdirilen baş ýoldur.

Saparsoltan DARRYNOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu