Ýaşlara aýratyn üns bermek, olar barada yzygiderli alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgesidir.
Häzirki wagtda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň azyndan 3 dil bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdeplerde rus, iňlis dillerinden başga-da, fransuz, italýan, nemes, hytaý, ýapon, arap, pars dilleri kämil derejede öwredilýär. Bu bolsa çagalaryň dil biliminiň has-da kämil bolmagyna iterýär. Mekdeplerde lingafon otaglarynyň bolmagy çagalara dil öwrenmekligi ýeňilleşdirýär. 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap ýurdumyzda 12 sany orta mekdebiň 5-si italýan, 7-si bolsa iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirildi.
Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň, esasan hem, dünýä dilleriniň uly orny bardyr. Dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen bir hatarda, ylym-bilimiň hem açarydyr. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy maglumatlary, ylmy kitaplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýar. Dili öwrenmegiň esasy maksady, diňe bir suwara sözleýşi özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sözleriň ýazylyşyny, halkyň, ýurduň taryhyny, medeniýetini hem-de ýaşaýyş-durmuşyny bilmegi talap edýär. Dili öwretmek, ozaly bilen, ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmegi, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegi, şol bir wagtyň özünde sowatly şahsyýet bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar.
Çagalaryň mekdepden boş wagtlaryny hem peýdaly sarp etmekleri üçin ýurdumyzda birnäçe dil merkezleri hereket edýär. Okuw maksatnamasyndaky ähli dersler bilen bir hatarda fransuz, italýan, nemes, hytaý, ýapon, arap dili ýaly daşary ýurt dillerini öwretmekleri ýaşlaryň biliminiň has-da kämil bolmagyna ýardam edýär.
Pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanyp, ýaşlaryň ruhy, ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir.
Laçyn GELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.