Deňhukuklylyk, birek-birege sarpa goýmak, özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmegiň hemişe esasy ýörelgeleri boldy. Koreýa Respublikasy halkara gatnaşyklarynda dürli, sebitleýin möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň pikirine we garaýşyna uly ähmiýet berýär.
Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri iki doganlyk ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda iki ýurt köp ugurlarda önjeýli hyzmatdaşlyk edýär, şoňa has ysnyşykly we düýpli hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli şertler bar. Ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň hem-de däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine netijeli itergi berýär. Şeýle saparlaryň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklaryň birnäçesi gazanyldy. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gazhimiýa, elektron, dokma, azyk senagaty we beýleki pudaklary görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet we telekeçilik düzümleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň, işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, olar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň anyklaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda möhüm waka boldy.
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge, däp bolan dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berýärler. Şol gatnaşyklar bolsa iki halkyň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Şunda Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasyna wajyp orun degişlidir. Ol möhüm medeni çäreleri – festiwallary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, döredijilik wekiliýetlerini alyşmak çärelerini yzygiderli guraýar. Bu ugurda ýakynda Aşgabatda koreý medeniýetiniň geçirilmegi türkmen-koreý medeni gatnaşyklarynyň ýakynlaşdyrmagyna gönükdirilen ýene-de bir ädim boldy.
Nurýagdy REÝIMOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.