Sagdyn durmuşSlider

Haýsy önümlerde kaliý köp?

29-11-2022 / 20

Biziň gündelik ulanýan iýmitimiz bolan çöregiň kaliý elementiniň egsilmez çeşmesi bolup durýandygyny ilkinji nobatda bellemeli. Kaliý erikde, kişdede, ýeralmada, gawunda, garpyzda hem köp mukdarda saklanýar.

Nohutdan, noýbadan, mäşden bişirilen naharlary yzygiderli ulanmak arkaly adam bedenini tutuş ýylyň dowamynda bu gymmatly mikroelement bilen üpjün edip bolýandyr. Sülede, daryda, greçkada, bugdaýyň maýsasynda hem kaliý köpdür. Bulardan başga-da, alma sirkesi ýa-da bal goşulan miwedir gök önüm işdäaçarlaryny, hoz, ysmanak, hyýar, petruşka, sarymsak, kiwi, gyzyl we gara smorodina, kelem, alma, üzüm, banan, apelsin, mandarin, şugundyr, käşir iýmeli. Bularyň hemmesi kaliý elementine baýdyr. Bu element ösümlik önümlerinden başga sygyr etinde, süýtde, balykda hem köpdür.

Saglyk üçin gymmatly elementiň ýitirilmeginiň öňüni almak üçin düzüminde kaliý saklanýan önümleri ulanmagyň düzgünlerini özleşdirmeli:

Ir-iýmişi, miweleri, gök önümleri, ter gök otlary birbada köp mukdarda däl-de, 2-3 günüň dowamynda ulanjagyňy satyn almaly. Ösümlik önümleriniň öz möwsüminde tebigy şertlerde bişip ýetişenini saýlamaly. Naharlary buglap ýa-da gaýnadyp bişirmeli. Gowrulanda önümleriň düzümindäki peýdaly maddalaryň aglabasy ýitirilýär.

Bişirmäge taýýar edilen önümleri uzak wagtlap suwda saklamaga endik etmeli däl. Olary akar suwuň aşagynda ýuwmak ýeterlikdir. Gök önümleriň gabygyny çigligine iýmegiň ýa-da bişirmegiň öň ýanynda aýyrmaly. Kaliý elementiniň aglabasy ýeralmanyň gabygynda saklanýar. Şonuň üçin wagtal-wagtal gabygy bilen bişirilen ýeralma iýmek lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär.

Ajaýyp NOBATOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu