Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara ylym-bilim ýaraşýar

29-11-2022 / 14

Ýaşlar — uly güýç. Olaryň bilimli, hünärli, ýokary watançylyk, ruhy ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaşlarda okamaga, döretmäge, gurmaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Bu bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri bolsa, talabalaýyk ýola goýulýar.

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilip, ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary babatda netijeli işleri geçirýärler.

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün edýän milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. 

Bahar NURJANOWA,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu