Žurnalistiň sahypasy

Bilim daragtynyň datly miwesi

28-11-2022 / 11

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işi sanlaşdyryldy. Şeýle-de, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy.

Ähli ýokary okuw mekdepleriniň sanly ulgamlaryny bir umumy tora birikdirmek arkaly, ýurdumyzyň bilim portalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bilim ulgamynyň sanly giňişligi döredilende, dünýäniň ösen bilim ulgamlary bilen aralaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilmelidir. Okuw kitaplaryny elektron görnüşe geçirmek, her aýda talyplaryň we okuwçylaryň bilimlerini barlamak üçin internet torundan peýdalanyp, kompýuteriň kömegi bilen sowalnamalary almak, ýokary we orta bilim edaralary bilen elektron okuwlaryny ýola goýmak işleri sanly bilim ulgamynyň datly miweleridir. Galyberse-de, sanly bilim ulgamy uzak aralykdan sapagy dolandyrmak, elektron resminamalaryň dolanşygyny girizmek, elektron žurnal, elektron maglumat üpjünçiligi, bir wagtyň özünde ähli talyplar we okuwçylar bilen birlikde işlemek ýa-da olar bilen göni aragatnaşyga girmek, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek, teleköpri arkaly sapak geçmek, bilimlerini barlamakda we bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, baý maglumatlar toplumy bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikler döredýär.

Bilimi ösdürmegiň ýene bir ýoly ýaşlarda okamak endigini, kitap medeniýetini döretmekdir. Şeýle endik ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýän iň uly serişdedir. Ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek, kitaphanalara täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaplaryň we beýleki neşirleriň goralyp saklanylmagy we olaryň geljekki nesillerimize ýetirilmegi, kitaplaryň elektron görnüşine geçirilmegi ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Dürli döwürleri öz içine alýan kitap gorlaryny gorap saklamak, täze röwşe getirmek işleri geljek üçin gymmatly baýlykdyr. Milli genji-hazynamyz, egsilmez baýlygymyz bolan kitaplary aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr.

Häzirki wagtda ýaş nesliň diňe bir türkmen dilini däl, eýsem daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilmegini gazanmak üçin döwlet tarapyndan ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda ýörite dil merkezleri işleýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň ençemesi daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilendir.

Umyda BERDIMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu