Baldan süýji balalar bagtyýar durmuşyň gül-gunçalarydyr. Olar biziň röwşen ertirlerimiz, geljegimizdir. Bagtyýar maşgala ojagyny hem çagasyz göz öňüne getirmek, asla mümkin däldir.
Öýlerimiziň agzybirligini, abadanlygyny, bagtyýarlygyny goşalandyrýan, dabaralandyrýan balalarymyzdyr. Çagalaryň şadyýan gülki sesleri, olaryň şatlyk-şowhuny dünýämizi bezeýär. Şonuň üçin hem çaga durmuşyň bezegi diýilýär. Çaga kalbynyň akja gar ýaly tämizligi, arassalygy bilenem ulularyň kalbyny özüne imrindirýär. Çagany söýmeýän, ony mähri bilen gurşamaýan adam bolmasa gerek. Mähir, alada bilen gurşalýan çagalar adamlara mähriban, ynsanperwer adamlar bolup ýetişýärler.
Çaga terbiýesine ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem uly üns beripdirler. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bolsa ýaş nesiller hakda alada, çaga terbiýesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bu günki günde çagalaryň hukuklary kanun tarapyndan goralýandyr. Döwletimiz BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Onuň bilen bilelikde asylly maksatlara gönükdirilen işleri alyp barýar.
Ýaş nesliň çagalyk dünýäsi bagtyýarlykdan püre-pür. Ak mermerli binalaryň goýnunda döwrebap bilim-terbiýe alýan çagalara nazaryň düşende buýsanýarsyň. Bagtyýarlygyň mesgeni bolan Türkmenistan döwletimizde olaryň bagtly ýaşamagy üçin ähli şertler bar. Ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, belent ruhly bolmaklary üçin sport mekdepleri, stadionlar, sport toplumlary hereket edýär. Şeýle hem olaryň dynç alyş günleri şadyýan, peýdaly geçirmekleri üçin sagaldyş merkezleriniň hereket edýändigini agzap geçmek hasam ýakymly bolsa gerek.
Maral SOPIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.