Ösýän, döredýän, gurýan jemgyýetiň aglaba bölegini ýurdumyzyň ýaş nesliniň tutmagy has-da guwandyryjydyr.
Ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän alada, döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler olaryň geljekde saýlap alan hünärleri boýunça uly üstünlikler gazanyp, milli ykdysadyýetiň ösüşine, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da belende galmagynda itergi beriji güýç bolup durýar. Häzirki intellektual we tehnologik bäsdeşlik döwrüniň ýaşlara bildirýän zerur talaby bolan ylmy taýdan kämilleşmek dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär şol bir wagtda, şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullary, innowasiýalary döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň nano-bio we maglumat tehnologiýalary, elektronika, robot tehnikasy, genetika, molekulýar biologiýa, innowasion we sanly ykdysadyýet, hünär senagaty ýaly ylmyň döwrebap ugurlaryny ösdürmäge we dünýä çykarmaga mümkinçilik berjek ýokary okuw mekdepleriniň, hünärleriň täze görnüşleriniň, olara kabul edilýän talyplaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda bolsa: “Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçiliksyýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.” diýip nygtamagy, ýaşlara bildirýän ynamynyň netijeli amal edilmeginiň zerurlygy ilkinji nobatda, ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamagy maksat edinýär.
Ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamak işi bolsa, ýurdumyzyň geljegi, döwletimiziň ösüşi barada alada edýän kämil nesli ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi işewür, döwrebap pikirlenýän, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara akyl ýetirmegi başarýan, filosofik medeniýete eýe, özüne ynamly, şol bir wagtda hem, öz-özüni çäklendirmegi başarýan, öz ruhy ösüşinde ýeten derejesi bilen kanagatlanmaýan, özüne baha bermegi başarýan, halal zähmet çekýän adamy ýetişdirmek diýmegi aňladýar. Bularyň ählisi döredijilikli zähmete itergi berýär, döredijilikli zähmet bolsa adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Häzirki bagtyýarlyk döwürde ýaşlar islendik jemgyýetiň ösüşini amala aşyrmagyň hereketlendiriji güýji, ylym we bilim bolsa şol hereketlendiriji güýji netijeli ösüşlere ugrukdyrýan wajyp görkezijiler bolup çykyş edýär.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.