Mähriban Diýarymyzda boýag ösümlikleriniň 200-e golaý görnüşi bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, olaryň ýüzden gowrak görnüşi senagat ähmiýetli bolup, dürli önümçilik üçin gymmatly çig mal bolup durýar.
Boýagçylykda giňden ulanylýan ösümlikleriň hatarynda nary, hozy, yşgyny, syýagy, saryçöpi, çetri, çakyrtikeni, zirki, zagpyrany, böwürsleni, üzärligi görkezmek bolar. Bu işi sungat derejesine ýetirmegi başaran pederlerimiz diňe yşgynyň özünden ýedi görnüşli boýag almagy ussatlyk bilen başarypdyrlar.
Ösümliklerden taýýarlanylan boýaglar ýiti, durnukly we solmazak bolýar. Boýalan ýüplügiň reňk öwüşginleri örän owadan bolýar. Üzärligiň dänesidir köki boýag almak üçin iň gymmatly çig maldyr. Hoz agajynyň, nar agajynyň miwesiniň gabygynyň, üzümiň çigidiniň, soganyň gabygynyň düzüminde hem gymmatly boýag serişdeleri bar. Boýag ösümlikleriniň arasynda çöl ösümlikleri-de bar. Olaryň hatarynda halkymyzyň hazynasy bolan gözel Garagum çölüniň bezegi bolan çogan, çerkez, sözen, yşgyn, gandym, sazak, çaly, borjak, ýowşan ýaly ösümlikleri görkezmek bolar. Ulanylýan boýaglaryň, reňkleriň hili ýokary derejede bolanlygy üçin-de, olar çyga, Gün şöhlesine, beýleki howa şertlerine çydamly we durnukly bolýar.
Reňkleriň arasynda adamzat tarapyndan iň ir ulanylyp başlanany gyzyl reňkli boýag hasaplanylýar. Gyzyl reňki ata-babalarymyz «ýaşaýşyň güýji» diýip atlandyrypdyrlar. Gyzyl reňkiň gyrmyzy gyzyl, goýy gyzyl, melewşe gyzyl, narynç gyzyl, sarymtyl gyzyl we goňrumtyl gyzyl ýaly onlarça görnüşi ulanylypdyr. Goýy gyrmyzy reňki berýän boýag bolsa, tebigy boýaglaryň arasynda iň durnukly, iň ýiti, berk we solmaýan hasaplanylýar. Ýeri gelende ösümlik boýaglarynyň ynsan saglygy üçin zyýansyzlygyny hem ýatlap geçmek zerur. Boýagdyr reňk taýýarlamak ýeňil iş däl. Haly dokalanda we keçe edilende eli çeper, dili şeker enelerimiz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan giňden ulanylýan sary reňkiň ösümliklerden alynýan boýaglaryň arasynda iň gymmatlysy bolmagy-da, megerem, şondan bolsa gerek. Syýak ösümliginden taýýarlanylan boýag, aýratynam, ýüpek boýamakda gowy netijeler beripdir. Gök reňk alynýan boýag görnüşleriniň bolsa ýurdumyzda on bir görnüşi bolup, olaryň ählisi diýen ýaly tebigy şertlerde bitýär. Gara reňk barada aýdylanda bolsa, boýagçylar ony gyzyl soganyň gabygyny gaýnadyp almagyň hötdesinden gelipdirler.
Çöpboýa-da esasy boýag ösümlikleriniň biridir. Türkmenistanda onuň dört görnüşi bolup, ol solmaýan, açyk durnukly reňk berýänligi üçin onuň bilen matany, ýüpegi gyzyla, mämişä, melewşä we beýleki reňklere boýapdyrlar. Çöpboýanyň boýag almakdan başga-da, dermanlyk ähmiýeti-de bar. Boýaglaryň agramly bölegi, esasan, haly üçin taýýarlanylýan ýüplükleri boýamakda, reňklemekde giňden ulanylypdyr. Halynyň gyzyl reňkli ýüplügi çöpboýanyň kökünden taýýarlanan boýaga, gök reňkli ýüplügi nil boýaga, goňur reňkli ýüplügi hoz agajyndan, yşgyn we garaçöp ösümliklerinden alnan boýaga, sary reňkli ýüplügi bolsa, syýak, saryçöp ösümliklerinden, nar agajyndan alnan boýaga boýalypdyr.
Maksat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hasapçysy.