Bitaraplyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşany…
Döwlet hökmünde dünýäde öz ornuňy tapmak, özüňi ykrar etdirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu mesele Garaşsyzlygyny gazanan islendik ýaş döwletiň öňünde keserýän ilkinji mesele. Dünýädäki set müň halkyň, milletiň ählisine, asla, garaşsyz döwletli bolmak bagty-da miýesser etmändir. Onsoň Garaşsyzlyk diýen her kese ýetdirmeýän bagty gazananyňdan soň, ony näderejede apalamalydygy, goramalydygy öz-özünden düşnüklidir. GARAŞSYZLYK hem-de BITARAPLYK. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi.
Ýurduň ykbalyndaky gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bu günki ösüş-özgerişleriň özeninde hem ýurt Bitaraplygynyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinçilikleri ýatyr. Çünki ýüreklere siňen Bitaraplygymyz Türkmenistan döwletimiziň dünýäde agzybirlik, dostanalyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede sarpalanýan gadymy ojagydygy baradaky hakykatyň hem özboluşly dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesini alşynyň taryhy tejribesiniň wagt geçdigiçe ähmiýeti artar. Onuň yzyna eýeriler.
Hemişelik Bitaraplyk — asyrlar aşan gatnaşyklaryň altyn derwezesi. Bagtyýarlyk döwrümizde milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz mazmun taýdan has-da çuňlaşdy.
Merdan ÖDEBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.