Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeleri milli ýörelgelerimize utgaşyp, ylym-bilimde kämil derejelere ýetilýär.
Hakykatdan-da, dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak depginli ösýän islendik döwletiň baş wezipeleriniň biridir. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär.
Ýurdumyzyň telekommunikasiýalar, ulag we aragatnaşyk ulgamyna ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösýän, geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilmegi belent başlangyçlara esaslanýar. Dünýäde sanly tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Ýurdumyzyň elektron senagaty döredilip, ol milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän täze ugruna öwrüldi. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmagyň zerurdygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.
Ýurdumyzda döredilen innowasion edara-kärhanalaryň, alymlarymyzyň ylmy-intellektual işleriniň netijeleriniň daşary ýurtlarda, halkara derejede goraglylygyny hem-de ykrar edilmegini gazanmak ugrundaky ulgamlaýyn işler dowam etdirilýär. Halkara reýtinglerde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryna, garaýyşlaryna, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerimiziň işine mynasyp baha berilýändigini buýsanç bilen nygtamak gerek.
Röwşen ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.