Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk – baky bagtymyz

18-11-2022 / 18

Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine subut eden ýurdumyz, bu gün halkara hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak hem-de özara bähbitli gatnaşyk etmek ýaly ýörelgelere pugta eýermek bilen, milli köklerimizden gaýdýan däpleri dünýä çykardy.

XX asyryň ahyrynda dünýäniň geosyýasy kartasynda uly üýtgeşmeleriň bolup geçen döwründe — 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan ýurdumyz şol taryhy döwürden başlap, özara deňhukukly gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesini öňe sürdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasyna öwrülen Türkmenistan gysga wagtyň dowamynda dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Şol sanda ýurdumyz iň iri we abraýly halkara guramalaryň agzalygyna saýlanmak bilen özüniň döredijilikli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu babatda Türkmenistan ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de durnukly ösüşi gazanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmeklige strategik ugur hökmünde garady.

Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasyna agzasy bolan 185 döwletiň goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Şeýle ynama eýe bolan ýurdumyz Merkezi Aziýada syýasy durnuklylygy saklamak we parahatçylygy üpjün etmek ugrunda özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirdi. Netijede, 2007-nji ýylyň dekabrynda sebitiň döwletleriniň goldamagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Öz gezeginde bularyň ählisi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geriminiň ýyl-ýyldan has-da giňeýändigini we ösdürilýändigini, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda we beýleki möhüm resminamalarda berkidilendir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy, hukuk we ynsanperwer esaslaryny kesgitleýän bu Konstitusion kanun Esasy Kanunymyzdan gözbaş almak bilen, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň kanuny esaslaryny özünde jemleýär. Şeýle-de, ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ysmaýyl HANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu