Žurnalistiň sahypasy

Halkara serginiň şuglasy

14-11-2022 / 13

Aşgabatda geçirilen “Türkmentel — 2022” sergisi dünýä jemgyýetçiligini özüne çekdi. Sergä daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň köpüsiniň ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri bilen işewür hyzmatdaşlyk etmekde eýýäm uly tejribesi bardyr. Olar pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde bilelikde sanly alyp görkezmegiň ölçeglerine geçmek, hyzmatlaryň ulgamyny hem-de maglumat serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak işini amala aşyrýarlar.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda aragatnaşyk ulgamynyň dürli görnüşleriniň we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar bolan «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «BHS», «LS TELCOM AG Heidelberger», «Hermes Datacommunications International Ltd», «Kazakhtelecom», «Delta telecom Ltd», «Transit Telecom», «AMD», «Comfone», «Eastwind» we beýlekiler bar. Aşgabat gözden geçirilişine işewür toparlar bilen birlikde, bu ulgamdaky hünärmenler, öňdebaryjy alymlardyr bilermenler hem uly gyzyklanma bildirdiler.

Häzir ýurdumyzda torly we ykjam aragatnaşyk serişdelerinde, telearagatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda maglumatlaryň elektron geçirilişinde, milli tele we radio gepleşikleriniň alnyp görkezilişiniň hilini üpjün etmekde, ýurdumyz boýunça we daşary ýurtlara tizleşdirilen poçta ugratmalarynda täze onlaýn hyzmatlar hödürlenilýär. Bularyň ählisi barada «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň, «Türkmenpoçtanyň» düzüm bölekleriniň diwarlyklary gürrüň berýärler.

Ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň köp möçberini türkmen telekeçileriniň ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Olar durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýokary tehnologiýalar bazaryny üstünlikli giňeldip, iň täze enjamlary, kärhanalar hem-de pudaklaýyn düzümleriň edaralary üçin aragatnaşyk geçiriji we wideosynlaýyş serişdelerini göni ibermegiň anyk ýollaryny üpjün etmek bilen birlikde, bu ulgamda gurluşyk, gurnama hem-de işe giriziş-sazlaýyş işlerini amala aşyrýarlar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň «Imdat elektronika», «Diýarkom», «Kepil Pikir», «Sitkom», «SGM», «Ýüpek ýoly», «Ýokary tilsimatlar merkezi», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Uly Gaýa», «Minara Nur» ýaly telekeçilik düzümleri we beýlekiler bar.

Mahym NARMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu