Žurnalistiň sahypasy

Medeni diplomatiýa ösdürilýär

14-11-2022 / 12

Ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri üstünliklere beslenýär. Özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan Koreý medeniýetiniň günleri birek-biregiň medeni mirasyny öwrenmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda guralan üç günlük kino görkezilişiniň maksatnamasyny koreý kinematograflarynyň soňky ýyllarda döreden doly göwrümli çeper filmleri düzdi. Olar giň tomaşaçylar köpçüligi, şol sanda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen hem-de uly meşhurlyk gazanan “Samjin kompaniýasynyň iňlis dili sapaklary”, “Bori” atly filmlerdir. Koreý kinosynyň festiwalynyň günlerinde tomaşaçylaryň sanynyň örän köp bolandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dilini öwrenýän talyplary, koreý halkynyň gündelik durmuşy bilen gyzyklanýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

Koreý medeniýetiniň günleriniň çäklerinde 11-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, “Hanbok” milli lybasynyň görkezilişi, soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de “Gugak” koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti boldy. Bu kwartetiň sazandalary öz çykyşlarynda sazyň birnäçe ugurlaryny utgaşdyrdylar.

Şeýle medeni çäräniň geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygynyň, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu