Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak ýaly asylly ýörelgesi taryhdan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle asylly ýörelgeler döwrebap ösdürilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda ýola goýulýan gatnaşyklar halklaryň bähbitlerini, ýurtlaryň ösüşini, parahatçylygyny nazarlaýar. Bu babatda aýdanymyzda, parlamentara gatnaşyklaryň hem ýola goýulýandygyny, bellemek gerek. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň nusgalyk asylly ýörelgelerini ösdürmek bilen, parlament diplomatiýasyny hem üstünliklere beslemekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşmagy hem taryhy waka boldy. Munuň özi halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy taryhy waka boldy. Bellenilişi ýaly, bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara berilýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň ýokary sylagy bilen sylaglanmagy ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden buýsandyrdy. Bu taryhy waka halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň aýdyň nusgasyna öwrüldi.
Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.