Şu günler ildeşlerimiziň her biriniň kalbyny toý-baýramlaryň, taryhy wakalaryň, hoş habarlaryň şatlygy gurşap alýar. Ýakynda «Watan» habarlar gepleşigi arkaly Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilendigine şaýat bolduk. Bu hoş habar ulus-ilimiziň şöhratly taryhymyza, gün-günden at-owazasy dünýä dolýan ata Watanymyza bolan buýsanjyna-buýsanç goşdy.
Bu şanly waka Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda türkmen halkynyň beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýandygy, şeýle-de milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşandygy barada aýdan sözlerine doly güwä geçýär. Hakykatdan-da, türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşuldy. Bu ýagdaý türkmen halkynyň medeni durmuşyny ruhy baýlyk bilen gözelleşdirýär. Akyldar şahyrymyzyň ylahy, pelsepewi, durmuşy şygyrlary bu gün diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde täze joşgun döredýär, ýokary ahlak duýgularyny oýarýar. Ynsanlary ahlaklyga, sagdynlyga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, gaýduwsyzlyga ruhlandyrmak şahyryň şygryýet dünýäsiniň düýp mazmunyny düzýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň milli ruha ýugrulan baý, şahyrana döredijiliginiň gadyr-gymmaty has-da artýar. Akyldar şahyrymyzyň eserleri ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde gymmatly hazyna öwrülýär. «Türkmen şygryýeti» diýlende Magtymguly Pyragy göz öňümize gelýär. Magtymguly diýlende bolsa türkmen şygryýeti hakydamyzda janlanýar.
Aýläle HEMRANAZAROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.