Žurnalistiň sahypasy

Samarkant sammiti: hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

13-11-2022 / 12

Mälim bolşy ýaly, 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň agzalygyna girmeýän abraýly halkara we sebit düzümleriniň sammitlerine çagyrylmagy Watanymyzyň dünýädäki belent abraýynyň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň, başlangyçly ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýandyklary we dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri bolan Samarkant şäherini «Türki siwilizasiýanyň paýtagty» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen oňaýly şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu sammitiň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýandygyny, oňa halkara we sebit işlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna oňaýly täsir etmäge gönükdirilen waka hökmünde seredýändigini nygtady. Türkmenistan häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň, şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürendigini habar berip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň teklibiniň türki döwletler tarapyndan goldanylsa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny belledi.

Gün tertibine laýyklykda, şu gezekki sammitiň çäklerinde syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara baglanyşygy pugtalandyrmak, syýahatçylyk, energetika we oba hojalyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy. Ylym, bilim, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu