Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan – Koreýa: medeniýetde täze sahypa

13-11-2022 / 5057

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Ähli çäreler Türkmenistanyň Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň goldaw bermeginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýar. Şu gezekki medeni çäräniň geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygynyň, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýär. Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan netijeli işleri üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Olar bilen bilelikde birnäçe möhüm taslamalar, şol sanda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürt bilen arassalaýan zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy. Şeýle-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň aglaba bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtobuslar we awtoulaglar düzýär.

Tejribeden görnüşi ýaly, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşi diňe bir iki döwletiň ykdysady bähbitlerine esaslanman, eýsem, milli ösüşde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň eýeleýän ornuna çuňňur düşünilmegine hem esaslanýar. Şoňa görä-de, çäk taýdan aralygyň uzak bolandygyna garamazdan, biz umumy dil tapmagy başarýarys. Türkmenistanda koreý diline, koreý halkynyň özboluşly medeniýetine uly hormat goýulýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýörite bölüm hereket edýär.

Mähri BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu