Sagdyn durmuşSlider

Naryň saç we deri üçin peýdalary

11-11-2022 / 27

Köp mukdarda C witamine baý bolan nar – köp keselleriň immunitetini güýçlendirip, düwnük öýjüklerini ýok etmeginiň öňüni alýar. Soňky ýyllarda kosmetika pudagynda-da ýygy-ýygydan ulanylýan nar gabygyny zibil gutularyna taşlamaly dälsiňiz.

Nar gabygynyň saçlaryň ýalpyldawuk we sagdyn görünmegine kömek edýän başga-da köp peýdalarynynyň bardygy geçirilen synaglaryň netijesinde anyklanylypdyr.

Nar – Ýer ýüzünde saglygy bejeriji miweleriň biri hasaplanýar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, düwnük öýjükleriniň köpelmeginiň öňüni alýan naryň düzüminde B5, B6, C we E, C, B1 we B2 witaminleri, şeýle-de kaliý, magniý we folat ýaly maddalar bar. Içindäki witaminleriň we minerallaryň kömegi bilen ünsi özüne çekýän nar, saçyň we deriniň peýdalaryny sanamak bilen gutarmaýar. C witamine baý nar, esasanam deriniň kollagen gurluşyny goldaýar we hemişe sagdyn görünmegine ýardam edýär. Deriňize we saçyňyza ideg edeniňizde, nar we nar gabygyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Omega-5 ýagyny öz içine alýan nar gurak we duýgur deriniň tekiz görünmegine kömek edýär. Iň güýçli nemlendirijileriň arasynda sanawyň başynda bolany üçin, saçlary kökden ujuna nemlendirýär we saçyňyzyň gurak we jansyz görnüşini ýok edýär. Esasanam saçyň çalt ösmegine mümkinçilik berýär. Saçy iýmitlendirýän nar gabygy, saç dökülmeginiň öňüni alýar we täze saçlaryň ösmegine hem kömek edýär.

Nar ýagly deri görnüşleri üçin iň gowy nemlendirijidir. Adatça gün şöhlesinden tapylan nar ekstrakty erkin radikallary ýok edýär we deriniň düwnük keseline garşy döräp biläýjek sebäpleri ýok edýär. Düwürtigiňiz bar bolsa nar maskasyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Ulugbek KAZAKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu