Žurnalistiň sahypasy

Sanly ulgam – sansyz mümkinçilik

11-11-2022 / 9

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrüldi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet häkimiýet edaralary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiler tarapyndan hyzmatlaryň sanly görnüşde amala aşyrylmagynyň esasy kadalary anyk beýan edilýär. Sanly hyzmatlar wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga hem amatly şertleri döredýär.

Bir hakykat bar: ykdysadyýet hem, tehnika hem, dolandyryş hem, umumy durmuş hem bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Sanly maglumat ulgamlarynyň geriminiň giňeýän döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýet bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly kämilleşdirmegiň näderejede zerurlygy öz-özünden düşnüklidir.

Umuman, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder. Hut şonuň üçin-de, bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolýar.

Gülälek ÝAZMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu