Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilimde hem uly ösüşler gazanylýar, sanly bilim ulgamy durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar. Ýaşlary ylymly-bilimli, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmen edip ýetişdirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararlary, öňde goýan wezipeleri möhüm ähmiýete eýedir. Bu işleriň düýp esasynda türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dilleriniň birnäçesinde edil öz ene dili ýaly suwara gürläp bilmek endiklerini ösdürmek we kämilleşdirmek ýatyr. Tehnologiýalaryň asyry hasaplanylýan häzirki döwrüň hünärmenine işleri üstünlikli gurnamakda ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dilini bilmek esasy serişdeleriň biri hasaplanylýar.
2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň möhüm serişdesi bolan daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekde we öwretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýa sekiz bapdan ybarat bolup, olar degişlilikde “ Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylşynyň häzirki ýagdaýy”, “Konsepsiýanyň maksady we wezipeleri” “Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary”, “Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary”, “Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk”, “Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary”, “Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek”, “Konsepsiýany durmuşa geçirmekde garaşylýan netijeler” diýlip atlandyrylýar. Bu baplaryň her biri Konsepsiýany durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, daşary ýurt dilleri boýunça bilim alýan talyplara geçirilýän halkara maslahatlara, forumlara, sergilere, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredildi. Meýletinçi we terjimeçi hökmünde halkara çärelerine gatnaşýan ýaşlar öz bilimlerini çuňlaşdyrmak we gözýetimlerini giňeltmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna goşant goşýarlar.
Ogulnabat BERDIÝEWA
Daşoguz şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.