Žurnalistiň sahypasy

Oguz ýörelgeleri: halka daýanyp, halk bile

06-11-2022 / 16

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyrmakda Oguz ýörelgelerini esas edip almaklary, halka daýanyp, halk bile düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmekleri il-ýurdumyzyň diňe bir şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem has-da röwşen boljakdygynyň güwäsidir. Şeýle dolandyryşyň netijesinde Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň kynçylyklary başdan geçirýän döwürlerinde hem milli ykdysadyýetiniň ösüş depginlerini durnukly saklamagyň hötdesinden geldi. Mälim bolşy ýaly, döwletiň kuwwaty we jemgyýetiň ýaşaýyş derejesi bolsa ykdysadyýet bilen ölçelýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz öz milli ösüş ýolunda ynamly gadam urýar. Ykdysady özgerişler yzygiderli amala aşyrylýar. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşiň uzakmöhletli ykdysady strategiýasynyň işlenilip düzülendigini nygtamak örän ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiz bu ugry üstünlikli dowam etdirýär. Milli strategiýa laýyklykda geçen ýyllarda ykdysadyýetiň öňe gitmegine itergi beriji güýç hasap edilýän, ykdysadyýeti sazlaşykly alyp barmaga ýardam berýän göni we gytaklaýyn usullaryň toplumyndan ybarat bolan hojalyk mehanizmi sazlaşykly işläp ugrady. Biz munuň guwandyryjy netijelerini ykdysadyyetiň ähli pudaklarynda, hut öz durmuşymyzda hem guwanç bilen synlaýarys.

Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty ösdürilýär. Ylym-bilim mähriban Watanymyzyň ösüşlerine şamçyrag bolup ýagty saçýar. Milli baýlyklarymyz il-ýurt üçin ýerlikli ulanylýar. Biziň ykdysady-durmuş ösüşlerimizi kesgitleýän Milli Maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we konsepsiýalaryň uly topary herekete girizildi. Olarda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek, ylym ulgamyny ösdürmek, getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we başga-da dürli ugurlar boýunça ösüşleri üpjün edýän wezipeleriň oňyn çözgütleri öz beýanyny tapýar. Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortaçadan ýokary bolan ýurtlaryň hataryna degişli hasap edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösen ýurtlaryň hataryndaky durnukly orny barha pugtalanýar.

Ýazgül MEREDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu