Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk bilen galkynýar ýaşlar

01-11-2022 / 11

Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.

Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, asuda örýän nowjuwan kalply ýaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzy kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Biz bu beýik bagta buýsanyp, ony wasp etmelidiris. Şeýle belent maksatlary ýürekde beslemäge, olary amal etmäge giň mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy röwşen ertirlere sary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi has-da pajarlap, toýlary toýa ulaşsyn!

Amangül ŞIHIÝEWA,
“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň KA-nyň buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu