Žurnalistiň sahypasy

Ykdysady gatnaşyklaryň ýüze çykmagy

02-11-2022 / 10

Taryha ser salmaklyk bize ykdysady gatnaşyklaryň ýüze çykyşyna, ösüşine düşünmäge uly mümkinçilik döredýär. Ykdysady gatnaşyklaryň ýüze çykyşynyň esasy hökmünde ilkidurmuş obşinalarynda kemala gelen haryt önümçiligi çykyş edýär.

Ilkidurmuş adamlary öndüren harytlaryny biri-birleriniň arasynda alyş-çalyş edipdirler. Ýagny bir harydy gös-göni beýleki haryda çalşypdyrlar. Öndürilýän harytlaryň mukdarynyň artmagy bilen alyş-çalyş ýaýbaňlanyp başlaýar. Alyş-çalyşyň ýaýbaňlanmagy, adamlaryň aň düşünjesiniň ösmegi bolsa ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine uly itergi beripdir. Wagtyň geçmegi bilen haryt önümçiliginiň giňemegi, taryhy döwletleriň döremegi netijesinde ykdysady gatnaşyklar diňe bir adamlaryň arasynda däl-de, eýsem, tireleriň, taýpalaryň arasynda hem ýüze çykyp başlaýar. Ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini aşakdaky ýönekeýje mysalyň üsti bilen düşündirmek bolar. Bu döwürde ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň ýagdaýyna göra 1 goýun 40 kg dänä, 3 gr altyna, 20 m mata ýa-da 1 goýun 5 gr altyna çalşylypdyr.

Haryt önümçiliginiň döräp başlan mahalynda ýokardaky ýaly gatnaşyk emele gelen bolsa soň-soňlar ykdysadyýetiň ösmegi ilkidurmuş obşinalarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ýitileşmegi, täze dörän döwletleriň hökümdarlarynyň adyndan şaýy pullaryň zikgelenmegine syrygýar. Netijede, täze bir gatnaşyk ýagny haryt önümçiliginde bir haryt beýleki haryda çalşylman, eýsem, olar pula çalşylyp başlanýar. Alyş-çalyşyň ösmegi bilen ilki biziň taryhy-medeni, ykdysady şäherlerimiziň öz içinde gatnaşyk saklanan bolsa ýuwaş-ýuwaşdan bu gatnaşyklar goňşy şäherleriň arasynda hem ýitileşip başlanýar. Olara mysal hökmünde Merw bilen Könürgenç, Merw bilen Sarahs ýa-da Abiwert bilen Dehistanyň arsynda ýüze çykan ykdysady gatnaşyklary görkezip bolar. Bulardan başga-da, ösüşiň ýokarlanmagy netijesinde Hytaý-Türkmenistan, Türkmenistan-Eýran, Özbegistan-Türkmenistan ýaly ýollarda hem söwda gatnaşyklary giňäp başlaýar. Netijede, gündogarda beýik Hytaý döwleti, günbatarda bolsa Ýewropa döwletlerini birleşdirýän kerwen ýollary peýda bolup başlapdyr.

Şol döwürde Hytaýdan ýüpek matalary, çaý, aýna ýaly harytlar getirilip biziň ýurdumyzdan hem pagta, ýorunja tohumy ýaly önümlerimiz äkidilipdir. Söwdanyň ösmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döremegine eltýär. Beýik Ýüpek ýoly diýilmeginiň sebäbi hem köp mukdar-da ýüpek gurçugynyň, ýüpek matalarynyň alyş-çalyş edilmegi, oňa bolan islegiň artmagy bilen baglanşyklydyr. Türkmenistan taryhdan belli bolan maglumatlara görä ösen ykdysady sebitleriň biridir. Ýurdumyzyň çäginde ösen söwda-ykdysady şäherler, kerwensaraýlar gurlupdyr. Ol şäherlerden Amul, Merw, Sarahs, Nusaý, Abiwert, Könürgenç, Dehistan ýaly ösen ykdysady gatnaşyklary bolan merkezleri bellemek bolar. Gündogardan ýa-da günbatardan ugran kerwenleriň düşläp geçmekleri, dynç almaklary üçin birnäçe Kişman (Hurmuzafara), Daýahatyn ýaly ençeme kerwensaraýlar gurlupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň üstinden geçmegi bu şäherleriň, döwletimiziň ykdysady gatnaşyklarynyň giňemegine getiripdir.

Mekan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu