Ýaşlyk adamyň iň uly mümkinçiligidir. Bu döwürde her bir ynsan ylym-bilim ýoluna düşýär, öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, aňyny kämilleşdirýär. Bilim dünýäsinde ganat ýaýyp, bar ünsüni, wagtyny ylym-bilime sarp edýän ýaşlary göreniňde, olara diýseň buýsanýarsyň, guwanýarsyň.
Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksady işjeň ilat toparynyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek bilen, durmuş-ykdysady ösüşde ýokary netijeleri gazanmak, olary ýurduň milli bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirmek bilen baglanyşyklydyr.
Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de welaýat, şäher we etrap geňeşleri ýaş nesli hünäre höweslendirmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Ýaş nesilde medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda döredijilik, ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlary boýunça dürli bäsleşikleri guraýarlar. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, olary hünäre höweslendirmäge ýardam edýän «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Talyp gözeli», «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli», «Bagtyýarlyk döwrüniň zehinli ýaşlary», «Merdana nesil», «El hünäri ― il gezer», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Talyp joşguny» ýaly bäsleşikler aýratyn gyzykly we netijeli geçirilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar we Gulbaba adyndaky Çagalar baýraklary bolsa hünäre höwesli, medeniýete, sungata, aýdym-saza sarpaly ýaşlary ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetlidir. Bu baýraklar döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanyny has-da artdyrýar.
Jemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.