Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dil hökmünde ykrar eden ilkinji dilleriniň biri hem iňlis dilidir.
Iňlis dili giňden ýaýran german diller toparyna degişli bolup, bu hem öz gezeginde has uly hindi-ýewropa diller toparyna girýär. Hindi-ýewropa diller toparyna german diller toparyndan başga-da slawýan, roman, grek, kelt, hindi we eýran dilleri degişlidir. Häzirki zaman germen dilleri öz gezeginde iki topara bölünýär: 1) günbatargerman 2) demirgazyk german diller toparlarydyr. Iňlis dili günbatar german diller toparyna degişli bolup, Beýik Britaniýa, ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa ýaly döwletleriň ene dili, ondan başga-da Päkistan, Hindistan we Günorta Afrika Respublikalarynyň resmi dilidir. Iňlis diliniň taryhyny birnäçe dilçiler we lingwistler üç topara bölýärler, gadymy iňlis dili (450-1066 ý.) , orta iňlis dili (1066-1500 ý.) we täze iňlis dilidir (1500 ý.-hazirki wagta çenli). Täze iňlis dili W. Şekspiriň dili bolup, ol hem iki döwre bölünýär: irki täze iňlis dili döwri (1500-1800 ý.) we soňky täze iňlis dili (1800 ý. -hazirki wagta çenli) döwridir. Öz taryhyny gadymdan, german dillerinden alyp gaýdýan iňlis dili häzirki wagtda halkara dili hökmünde ulanylýar. Adamlar iňlis dili barada köplenç halkara dili ýa-da lingua franca (dürli ýurtly adamlaryň öz ene dilinden başga, aragatnaşyk üçin ulanýan dili) diýýärler. Ýer ýüzünde 350 milliona gowrak adam iňlis dilini öz ene dili hökmünde we 430 milliona gowrak adam iňlis dilini 2-nji dili hökmünde ulanýarlar. Adamlar köplenç iňlis dilini täjirçiligiň halkara dili diýip atlandyrýarlar.
Tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köp sanlysy iňlis dilinde çykarylýar. Dünýäniň iri uniwersitetleriniň (MIT, Stanford, Harvard, Caltech, Cambridge, Oxford, UCL, Chicago we ş.m.) ählisi iňlis dilli ýurtlarda ýerleşýär. Häzirki zaman hünärmenine, aýratyn-da, işiň ylym, tehnologiýa ulgamlarynda ýa-da halkara hünär aragatnaşyklary zerur bolan ugurlarda meşgullanýan hünärmene häzirki wagtda işlerini üstünlikli guramaklyk üçin iňlis diliniň orny ulydyr. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlarynda amala aşyrýan özgertmeleri yzygider durmuşa ornaşdyrylýar we özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle özgertmeleriň biri-de ýaşlarymyzyň ene dilimizden başga-da halkara iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon dilleriniň orta mekdeplerde okadylyp başlanmagydyr. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini öwretmek üçin daşary ýurtly hünärmenler çagyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ähli sapaklar diñe iñlis dilinde alnyp barylýar.
Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirlendir.
Bagdagül ORAZBERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.