Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly şu ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi. Şeýle hem geljekde bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Gurultaýyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi döwletimiziň, jemgyýetimiziň daýanjy hem-de ösüşleriniň kuwwaty bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatyna laýyklykda, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimizi jany sag, ömri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Owadan HALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.