Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk – bu parahatçylyk

29-10-2022 / 19

Türkmenistanyň Bitaraplygy – munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejelerinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýarlygydyr.

Bitaraplyk – bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň sakasy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bu günki gününde türkmen halkymyz baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýuny uly dabara bilen toýlaýar. Älem içre ykrar edilen, eziz Watanymyzyň baky bitaraplygy il-ulusymyza özüniň erkinligini, bagtyýarlygyny peşgeş berdi. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň tarapdary bolan ýurdumyz halkara abraýyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň goldamagynda ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy, türkmen halkynyň öňden dowam edip gelýän milli däpleriniň we ýörelgeleriniň dowamadyr. Bu taryhy waka – türkmen milli senenamasyna altyn harplar ýazyldy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistana berilmegi bolsa belent mertebedir. 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamasy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi. Bu Kararnamada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýändigi, sebitde we dünýäde möhüm orna eýedigi baradaky jümleler öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy medeni meseleleri birleşdirýän döredijilikli işdir» diýip, belleýär. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, birek-birege mähribanlygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Medeniýet, sungat halklaryň arasyna dostluk köprüsini çekýär. Bitaraplygyň esasy özeni bolan parahatçylykly, hoşniýetli gatnaşyklara döwletleriň ýyl-ýyldan artýan islegleri, döwletimiziň daşary syýasat boýunça alyp barýan işleriniň syýasy üstünliklere tarap rowaçlanmasydyr.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu guramanyň Baş Assambleýanyň mejlislerinde, halkara forumlarda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar. Türkmenistan bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäde ählumumy parahatçylygy, milli howpsuzlygy, şeýle-de bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny gorap saklamagyň we berkitmegiň aýdyň ýoluna düşen döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan işjeň daşary syýasaty diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň däl, eýsem, bütin dünýäniň syýasy ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Bitarap döwletiň milli Lideri hökmünde dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň giňden dabaralanmasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläkde beýgelmesidir.

Mähri HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu