Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary

28-10-2022 / 69

Döwletimiz birnäçe halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Halkara pul gaznasy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň köpden bäri strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň bu iri maliýe düzümi bilen hyzmatdaşlygy birnäçe ugurlar boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşine Halkara pul gaznasy tarapyndan berilýän ýokary bahalar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady we maliýe özgertmeleri hemmetaraplaýyn we anyk seljermelere esaslanýar. Abraýly halkara maliýe guramasy tarapyndan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli ädimleriň goldanylmagy we ykrar edilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň öz wagtynda geçirilýändiginiň hem-de örän derwaýysdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky. Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 20 ýyla golaý wagtdan bäri dowam edip gelýär. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky sebitde iri maýadar bolmak bilen, Merkezi Ýewropadan başlap, Merkezi Aziýa çenli 29 sany ýurtda hususy, şeýle hem döwlet ulgamynda uzak wagtlaýyn karz bermek işini amala aşyrýar.

Türkmenistan 1992-nji ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hukukly agzasy we paýdary boldy.

Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen TAM/BAS Maksatnamasy barada hem durup geçmek gerek. Türkmenistanda bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň esasy maksady telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýän işjeň ýagdaýy döretmekden, uly ösüş mümkinçiligi bolan we hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Aziýa ösüş banky. Türkmenistanyň we döwletara banky bolan Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Bu bank Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynda ykdysady ösüşi maliýeleşdirmäge ýöriteleşdirlendir. Türkmenistan 2000-nji ýylda Aziýa ösüş bankynyň agzasy boldy.

Köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda Aziýa banky ulag, tebigaty goramak, statistika we beýleki ulgamlarda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Wajyp taslamalaryň hatarynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde iň iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky taslamanyň tehniki we maliýe taýdan goldanylmagyny görkezmek bolar. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi.

Yslam ösüş banky. Yslam ösüş banky halkara maliýe instituty hökmünde Yslam Konferensiýasy guramasynyň ýurtlarynyň Maliýe ministrleriniň maslahatynda 1973-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Resmi Yslam ösüş banky 1975-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Yslam ösüş bankynyň dolandyryjylarynyň Müdirýetiniň duşuşygyndaky inaugurasiýanyň netijesinde döredildi. Bank Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjylaryň sosial-ykdysady ösüşini goldamak üçin döredildi. Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň 56 sany yslam döwleti bankyň agzalarydyr. Bankyň paýdarlar kapitalynda esasy goýumçylar Saud Arabystany, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Küweýt ýurtlarydyr.

Türkmenistan Yslam ösüş bankynyň agzalygyna 1994-nji ýylyň noýabr aýynda girdi. Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolan döwründe Bank saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy.

Türkmenistan 6 döwletden ybarat bolan topara girýär: Azerbaýjan, Albaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan.

Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu