Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly reforma ýurdumyzda netijeli durmuşa geçirilýär.
Sanly ulgam babatda giň gerimli özgertmeleri öz içine alýan konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyry doly amala aşyryldy. Bu tapgyrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde bolsa «Türkmenaragatnaşyk» agentligi kesgitlenildi.
2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyrda halk hojalygyna we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda maglumat hyzmatlary bilen birlikde, döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. Bu tapgyrda sanly ulgamy ösdürmegiň çäklerinde degişli maksatnama işlenip taýýarlanylyp, «Elektron hökümet» ulgamyny doly işe girizmek meýilleşdirilýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirildi. Serwerleri satyn almak we ornaşdyrmak arkaly elektron resminama dolanyşygy ulgamy ýola goýuldy. Zerur enjamlar we programma üpjünçilikleri ornaşdyrylyp, internet web-saýtlary kämilleşdirildi. Netijede, toplum bilen bagly maglumat elýeterliligi ýokarlandyryldy, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bölümleriniň arasyndaky içerki resminama dolanşygynyň bökdençsiz hem-de durnukly işlemegi üpjün edildi.
Nagt däl hasaplaşyklaryň we «Internet bank» ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek babatda täzeçil usullar arkaly işler alnyp barylýar. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan indi şeýle hyzmatlar üç ýyl bäri amala aşyrylýar. Munuň özi onlaýn söwdanyň geriminiň giňelmegine, ykjam elektron goşundylarynyň döremegine, «öndüriji-alyjy» gatnaşyklarynyň ýönekeýleşdirilmegine, uzak aralykdan harytlary ýerlemek babatda meşhur internet meýdançalarynyň artykmaçlyklarynyň ulanylmagyna itergi berýär.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän sanly reformadan çetde galmady. Önümçilik gatnaşyklarynyň üznüksizligini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredilip, «Elektron ammar» programmasy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň merkezi diwanynda «Netije» atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web-saýty gurnaldy. Şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda «GOLDAW» elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we internet web-saýty döredildi. Öz gezeginde, nebitgaz pudagynda sanly ulgamy ösdürmek babatda şeýle guwandyryjy netijeleriň gazanylmagy örän ajaýypdyr.
Üçünji müňýyllykda tutuş adamzat üçin ählumumy wehime öwrülen COVID-19 pandemiýasy zerarly girizilen dürli çäklendirmeler halkara söwdasyna we ulag ulgamyna oňaýsyz täsir etdi. Şoňa görä-de, agzalan ugurlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak zerurlygy ýüze çykdy. Degişli ugurda ýurdumyzyň söwda toplumy tarapyndan uly işler edildi. Häzirki wagtda bolsa birža söwdalary elektron söwda ulgamynyň üsti bilen interaktiw görnüşde geçirilip, «Bir penjire» ulgamy arkaly şertnamalary hasaba almak amala aşyrylýar.
Magtymguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.