Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen keşdeçiligi gelin-gyzlaryň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesillerden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.
Özüne bendi edip, haýrana goýýan owadan, elwan nagyşlar milli mirasymyzyň bir çeşmesi, bir şahasydyr. Türkmen nagyşlary owadanlygy, nepisligi, özboluşlylygy bilen gelin-gyzlaryň dünýäsini özünde jemleýän inçe sungatdyr. Elwan nagyşlar gelin-gyzlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň tebigat gözelligini synlap, şol gözelliklerden alýan, döredýän nusgalarydyr. Olar egin-eşiklere, donlara, kürtedir kürtekçelere, çabytdyr çyrpylara, baş gaplara salýan nagyşlaryna ýürekleriniň owazlaryny siňdirýärler.
Halk aýtgylarynda «Ýurduň gelin-gyzlaryny tanajak bolsaň, olaryň el hünärini synla» diýlip aýdylýar. Ozallar olar topar-topar bolup, ümä üýşüp, göwün açyp, öý-ojagyň törüni bezeýän gülli we nepis gölli türkmen halylaryny dokapdyrlar, oglandyr gyzjagazlaryň başgabyny — tahýalary nagyşlapdyrlar, gyz-gelinleriň asyllylygyny ündeýän milli ýakalardyr nagyşly keşdeleriň dürli görnüşlerini gaýapdyrlar, ýigitleriň egninde türkmen milli aýratynlygynyň nyşany bolan ezýaka köýnekleri tikipdirler. Bularyň ählisi biziň ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünärinden kemal tapyp, gadymyýetden şu günlerimize gelip ýeten milli, gadymy hem müdimi sungatymyzdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa, ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip belleýär.
Türkmen zenanlarynyň el işlerinde orun alan nagyşlarda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň ynam-ygtykatlaryny, gadymy yrym-ynançlaryny, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýratynlyklary, edim-gylymlary, asylly terbiýesi hem göwün maksatlary, bagt, saglyk, rysgal-döwlet, dowamatlylyk ýaly ajaýyp arzuw-niýetleri jemlenendir.
Göwher TAHYROWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.