Ylymly-bilimli, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Biziň öňümizde şol wezipeleri berjaý etmekde yhlas bilen işlemek borjy durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak bilen baglydyr. Indiki wezipe ylym bilen zehiniň özara sazlaşygyny gazanmakdan ybaratdyr. Şonuň netijesinde Watanymyzyň kuwwatyna öwrüljek ylymly ýaşlaryň has-da artjakdygyny, artýandygyny bellemek hem ýakymlydyr.
Bilşimiz ýaly, ýaşlaryň hünär saýlap almaklygy mekdepde okaýan döwründen başlanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň: «Gyzlaryň we oglanlaryň isleglerine laýyklykda, olary dürli hünärlere gönükdirmek bilen, biz öz işinden oňat baş çykarýan ýaş zehinleri ýetişdirip bileris» diýip aýdanlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Esasy iş olaryň şol hünärlerini kämilleşdirmekleri, munuň üçin bolsa, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri çuňňur özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginden ybaratdyr.
Hünär bilen baglanyşykly aýdylanda, islendik hünärde diňe ylym bilen kämillige ýetip bolýar. Şonuň netijesinde Watanyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaşlar kemala gelýär. Bu babatda halkymyzda «Hünärliniň hormaty artyk», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Hünäri öwren-de, ýigren!» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözleri döräpdir. Diňe şonuň özi hem ylymly, hünärli ýaşlaryň abraýly, zähmetsöýer, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişýändigini ýene bir ýola tassyk edýär.
Häzirki döwürde ýaşlar aýratyn alada bilen gurşalýar. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» hereket etmegi hem ýaşlaryň bagtly geljegi barada edilýän aladanyň nobatdaky beýanydyr.
Jeýhun ESENOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň Organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy.