Žurnalistiň sahypasy

Bilim akabasy beýik hazyna elter

25-10-2022 / 12

Ylym-bilim — beýik hazyna, üstünlik çelgisi. Ylym durmuşyň bitewi mazmunyny we tebigatyň kanunlarynyň çözgüdini özünde jemleýän ägirt uly ummandyr. Pederlerimiz ylymdar adamlara juda uly hormat goýupdyr.

Şu ýyl Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyp kabul edilip, bu görkezijiniň geçen ýyldakydan 320 talybyň köpdügini aňladýar. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 490 talyp, ýagny geçen ýylkydan 380 adam artyk kabul edildi. Şeýle-de şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň ençemesi açyldy. Ýene-de şu ýyl hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, türkmenistanly ýaşlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik aldylar. Munuň özi ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleriniň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, oňat okamagy, il-ýurdumyza abraý getirjek ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin zerur şertleriň döredilýändiginiň nyşanydyr.

Maglumat we kommunikasiýa ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň bütin dünýäde has depginli ösýän döwründe sanly ulgamdan kämil baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Sanly bilimiň binýady çagalykdan guýulsa, has netijeli bolýar. Şu nukdaýnazardan, üstümizdäki ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji gününde mekdep durmuşyna ýaňy gadam basan 159 müň 772 okuwça döwlet Baştutanymyzyň adyndan kompýuterler sowgat berildi. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy uly tizlik bilen ösýär.

Aýnur KAKYŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu