Talyp ýaşlarymyzyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksadaokgunly we zähmetsöýer bolup ýetişmekleri hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan gowy baş çykarmaklary üçin uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwrüň talaby ýokary bilimli ökde hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat.
Şahsyýetiň giň dünýägaraýyşly bolup ösmeginde ylmy işlerden baş çykarmagy möhümdir. Kompýuter sowatlylygy şahsyýetiň düşünjesiniň aýratynlyklaryny şertlendirýär. Bu sowatlylyk şahsyýetde başarjaňlygy, işjeňligi, tutanýerliligi we giň dünýägaraýşy kemala getirýär.
Kompýuter sowatlylygynyň esasy maksady şahsyýetde bilimi kämilleşdirmekden, bilimleriň esaslaryny öwrenmekden we öwretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bilimi kämilleşdirmekde dürli usullardan peýdalanylýar. Şahsyýetiň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup öwretmek esasy ugurdyr. Şahsyýetiň aň-düşünjesiniň kemala gelmeginde onuň bilimini, başarjaňlygyny ösdürmek zerurdyr. Bu bolsa bilim bermegiň bir usulydyr. Bilimi özbaşdak almagyň başarnyklaryny, täze meseleleri kesgitlemek we çözmek, alternatiw çözüwleri teklip etmek we olara düşünmek bolsa kompýuter sowatlylygynyň esasynda amala aşyrylýar.
Biziň institutymyzda kompýuter sowatlylygyny ösdürmek maksady bilen “Sanly bilim ulgamy” portaly döredildi. Bu portal özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri öz içine alýar. Bu bolsa ösüp gelýän şahsyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu portal işjeň hereket edip, ähli wideo-okuwlaryň, umumy okuwlaryň ýazgylaryny, usulyýet materiallarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Talyplaryň özbaşdak işini guramakda torlaýyn portal işjeňligi üpjün edýär. Bu bolsa olaryň işine oňyn täsir edip, bilim almak islegleriniň ýokarlanmagyna getirýär. Özbaşdak bilim almagyň endiklerini we başarnyklaryny ele almakda, tejribede ulanylan we özleşdirilen ylmyň usullaryny öwrenmekde ähmiýetlidir. Dürli usullaryň hyzmaty kompýuter sowatlylygyny üpjün edýär.
Akmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.