Žurnalistiň sahypasy

Mizemezdir türkmen-özbek dostlugy

21-10-2022 / 12

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki giň gerimli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de döwrüň synagyndan geçendir. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda hem umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça has geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk edýärler.

Türkmenistan we Özbegistan gadymy we täsin medeniýetleriň mirasdüşerleri bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-arheologik ýadygärliklere aýawly garamak babatda hyzmatdaşlyk edýärler.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen hem-de häzirki we geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýe bolan Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň, Samarkandyň, Buharanyň, Hywanyň we beýleki merkezleriň arheologik ýadygärlikler we binagärlik toplumlary häzirki döwürde diňe bir köp sanly syýahatçylar üçin däl, eýsem, dünýäniň iri ylym-bilim merkezlerinden alymlar üçin özüne çekiji merkezler bolup durýar. Ençeme müňýyllyklar mundan ozal olarda häzirki siwilizasiýanyň esasy goýlupdyr.

Soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Dostlugy pugtalandyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, umumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin has oňaýly şertleri kemala getirmekde ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Bu gün birnäçe ýüzýyllyklar ozal bolşy ýaly, türkmen we özbek halklary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de özara doganlyk goldawyny bermek däpleriniň umumylygyna, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny görkezýärler.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu