Žurnalistiň sahypasy

Gatnaşyklaryň taryhy ädimi

19-10-2022 / 13

Gadymy döwürde-de, häzirki günlerimizde-de oňat goňşuçylyk gatnaşyklary, hyzmatdaşlyk — abadançylygyň, döwletliligiň, ösüşiň baş şertleriniň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasyna sapary bu ýoluň dowamat-dowam bolup, rowaçlandyrýan tutumlara beslenýänligini ýene bir ýola äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşyp, öz çykyşlarynda bu giňişliklerdäki meseleleri bilelikde çözmek, hyzmatdaşlygy köpugurly esasda täze derejelere çykarmak baradaky ýurdumyzyň ýörelgelerini, täze başlangyçlaryny beýan etdi. Astana saparynyň ikinji güni bolsa, iki doganlyk döwletiň we halkyň asyrlarboýy däp bolup gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, täze taryhy eýýamda ähli ugurlar boýunça ylalaşykly işleşip, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek islegi bilen berkän gatnaşygyň ýyl ýazgysynda taryhy pursat boldy.

14-nji oktýabrda geçirilen GDA-nyň Astana sammiti agza döwletleriň Baştutanlaryny bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibi bu giňişlikde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri gurşap aldy, hyzmatdaşlygyň ugurlary, bu giňişlikde howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy, guramaçylyk meselelerine seredildi, degişli çözgütler kabul edildi.

Şol günüň ikinji ýarymynda Astana şäheriniň Kongres merkeziniň Maslahatlar otagynda «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammiti geçirilip, onda özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryna garalyp, möhüm çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda, ilki bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak meselelerine ünsi çekip, bolup biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça aýratyn üns berilmeli anyk ugurlary teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiziň dostlukly Gazagystana ilkinji döwlet sapary iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine gabat geldi. Bu döwlet sapary dostlukly gatnaşyklaryň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň bir mysalyna öwrüldi.

Baýram DOSNAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu