Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bilim-terbiýe almagy, ylym-hünär öwrenmegi, döredijilik we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy babatda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş türkmenistanlylar ata Watanymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmelere mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik alýarlar.
Bilşiňiz ýaly, bir çynar agajy ýüz ýylda ýetişýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, 3 aý ýeterlikdir. Ylym hem çynar mysalydyr. Ol uly güýç we gaýrat talap edýär. Bu ýoluň aňsat däldigi, käbir kynçylyklarynyň bardygy öz-özünden düşnükli. Aýdylyşy ýaly, kynçylyklar bolsa ynsany taplaýar, onuň çydamlylygyny we erkliligini ölçeýär.
Aň-paýhasyň, zehiniň, zähmetiň, yhlas-höwesiň zerur bolşy ýaly, bir zady gazanmak üçin mümkinçiligem möhümdir. Her bir ynsanyň geljekki maksatlarynyň, ýaşaýşynyň we durmuşynyň ýagtylandyryjy güýji hasaplanýan ylym-bilimi ýokary derejede almak üçin ýurdumyzda mümkinçilikleriň ähli gapysynyň açykdygyny buýsanç bilen aýtmaly. Ýaşlar babatda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler olaryň zehinlerini açmaga we ukyplaryndan ýerlikli peýdalanmaga bolan mümkinçilikdir.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, syýasy berkararlygyny goldamaga, ylym-bilimi, medeniýeti we saglygy goraýşy we beýleki ulgamlary ösdürmäge ýaşlarda uly höwes bar. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has ilerledýär. Ýurt derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we gumanitar ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.
Sapar TILEWOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýa ulgamlary kafedrasynyň uly mugallymy.