Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar barada döwlet syýasaty dabaralanýar

15-10-2022 / 16

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan  ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.

Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär.  

Mahym ARSLANOWA,
TKA-nyň Darganata etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu